Speeches and Articles

The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

Speeches and Articles

BELENT MAKSATLAR ROWAÇLANÝAR

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni belent maksatlara we beýik tutumlara alyp barýar. Berk hukuk binýatly döwletimizde halkymyz bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe haky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş şygarynyň esasynda amala aşyrylýan özgertmeleriň her bir raýatyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendiginiň ýene bir aýdyň güwäsidir. 

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň fewral aýynda geçiren giňişleýin mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” tassyklamak baradaky Karara gol çekdi. Maksatnama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, täze önümçilik kärhanalary gurmagyň hasabyna täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. 

Şol mejlisde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 -2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak barada Karara gol çekdi. Bu bolsa, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçilere we daýhanlara berýän goldawynyň aýdyň subutnamasydyr. 

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Biz hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bolup, milli kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini halkyň arasynda wagyz etmekde, ony dünýä ýaýmakda öz gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

28.03.2024 Details

BEÝIK IŞLERIŇ ROWAÇLYGY — ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz ösüş­le­re bes­len­ýär. Bu gün­ki gün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler hal­kyň bäh­bi­di­ni, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ni na­zar­la­ýar. Şun­da hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň, iş üpjün­çi­li­gi­niň de­re­je­si, dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy esa­sy öl­çeg­le­riň hata­ry­na de­giş­li­dir.Türk­me­nis­tan her bir ada­myň durmuş taý­dan goragly­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­ýän döw­let­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da hal­ka hyz­mat et­me­giň mö­hüm gu­ra­ly bo­lan ka­nun­çy­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi, bar­ha kämil­leş­di­ril­me­gi aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe­dir. 

Ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy ösü­şiň dur­nuk­ly­ly­gy­na gö­nük­di­ri­len netijeli iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ra­ýat­la­ryň zäh­met işi­ne bo­lan kons­ti­tu­sion hu­kuk­la­ry yg­ty­bar­ly go­ralýar we şah­sy­ýe­tiň dur­muş ül­ňü­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­si üp­jün edil­ýär hem-de ila­tyň dur­muş go­rag­ly­ly­gy kepillendirilýär. 

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ama­la aşy­ryl­ýan il-ýurt bäh­bit­li baş­lan­gyç­lar, be­ýik iş­ler hal­kyň aba­dan durmuşyna gö­nük­di­ril­ýär. Hut şonuň üçin hem hal­kyň hal-ýag­da­ýy has-da go­wu­la­nyp, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Mu­nuň özi hä­zir­ki dö­wür­de halk bäh­bit­li iş­le­riň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ornaşdyrylýandy­gy­ny, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mä­ge giň mümkinçilikleriň dö­redil­ýän­di­gi­ni aý­dyň be­ýan ed­ýär. Çün­ki adam­la­ryň ýa­şaý­şy, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti, bag­ty­ýar gel­je­gi döw­le­ti­mi­ziň alyp barýan sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ry bo­lup dur­ýar. Şun­da mil­li ykdysadyýetimi­zi ös­dür­mek, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler­de hal­kyň bähbidini na­zar­la­mak we röw­şen gel­je­gi üp­jün et­mek baş we­zi­pe­dir. Şu nukdaýnazardan hem jem­gy­ýe­tiň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek we berk ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri­dir. 

Ýur­du­myz­da dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek üçin yk­dy­sa­dy işi kadalaş­dyr­mak, mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­ri ama­la aşyr­mak üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagtda mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi maksatnamalaýyn esas­da ama­la aşy­ryl­ýar. Şol nuk­daý­na­zar­dan Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de döw­let mak­sat­na­ma­lary ka­bul edi­lip, olar üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Şun­da «Türkmenista­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022­-2028-nji ýyl­lar­da durmuş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» ösü­şiň möhüm ugur­la­ry kes­git­le­nen­dir. 

Şeýle hem «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türkme­nis­ta­ny 2022­-2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdürme­giň Mil­li mak­satna­ma­syn­da» ýur­du­my­zyň ösü­şi, döw­re­bap şertle­riň dö­re­dil­me­gi na­zar­lan­ýar. Şeý­le ­hem­ san­ly­ ul­ga­my­ mun­dan beýläk hem­ ös­dür­me­giň ­we­zi­pe­le­ri,­ ösü­şiň­ ugurla­ry ýur­du­my­zyň gül­läp ös­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len bir­nä­çe we­zi­pe­ler kes­git­le­nen­dir. 

Ýur­du­myz­da ­al­nyp ­ba­ryl­ýan ­yn­san­per­wer­ sy­ýa­satyň­ ne­ti­je­sin­de raýat­la­ryň ­dur­muş­ taý­dan­ go­rag­ly­lygy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň, ta­lyp hak­la­ry­nyň we kö­mek pullarynyň yzy­gi­der­li ­kö­pel­dil­me­gi ­uly ­äh­mi­ýe­te ­eýe­dir.­ Mu­nuň özi ýurdu­myz­da adam ha­kyn­da edil­ýän ala­da­nyň hem-de yn­san­per­wer, durmuş go­rag­ly­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aýdyň be­ýan ed­ýär. 

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pug­ta­lan­dy­ryl­ýan­dy­gyna, ­mak­sat­la­ýyn­ işle­riň ­al­nyp ­ba­ryl­ýan­dy­gy­na­ «Pähim-paý­has ­um­ma­ny­ Mag­tym­gu­ly­ Pyra­gy» ­ýy­lyn­da ga­za­ny­lan­ üs­tün­lik­ler­den ­hem­ aý­dyň­ göz ­ýe­tir­ýä­ris.­ Şeý­le ­be­ýik ­iş­le­riň­ ýur­du­my­zyň­ dür­li­ kün­jek­le­rin­de üs­tün­lik­li ­al­nyp baryl­ýan­dy­gy­ny ­gör­mek­ has-da ­ýakym­ly­dyr.­ Yn­ha,­ her­ ýyl­da­ 1­mil­lion ton­na­ se­men ön­dür­mä­ge ­ukyp­ly ­Le­bap­ se­ment ­za­wo­dy­nyň ­ikin­ji tapgyry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dyýe­ti­mi­ziň ösü­şi­niň aý­dyň ne­ti­je­si­dir. Şeý­le ägirt uly­ des­ga­lar­ di­ňe­ bir­ yk­dy­sa­dy­ýe­tiň­ ösü­şi­ni­ däl-de,­ eý­sem, bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ul­gam­la­ry­nyň ösü­şi­ni hem­ üp­jün­ ed­ýär. Bu­ be­ýan­ edi­len­ler­ ýur­duň­ kuwwat­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni, äh­li se­bit­le­ri­mi­ziň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni­ aý­dyň­ gör­kez­ýär.­ Hä­zir­ki­ wagt­da ýurdumyzyň äh­li se­bit­le­rin­de be­ýik iş­le­riň saz­la­şyk­ly ýo­la goýulýandygy­ny, döw­re­bap  müm­kin­çi­lik­le­riň ösdü­ril­ýän­di­gi­ni­ gör­ýä­ris.­ Şu­ nuk­daý­na­zar­dan­ dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ­mak­sat­la­ýyn ­iş­ler­ özü­niň­ oňyn­ ne­ti­je­si­ni ber­ýär,­ hal­ky­my­zyň ­aba­dan­ dur­mu­şy­ny ­üp­jün­ ed­ýär.­ Bu­ bol­sa eziz ­Di­ýa­ry­my­zyň ­tä­ze ­be­lent­lik­le­re ­ta­rap ugur al­ýan­dy­gy­ny, ägirt uly öz­gert­me­le­riň oňyn ne­ti­je ber­ýän­di­gi­ni­ ala­mat­lan­dyr­ýar.­

Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da umu­ma­dam­zat ýa­şaý­şy­nyň esa­sy ugur­la­ryn­da, ýag­ny sy­ýa­sy, durmuş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni ugur­lar­da mil­li we äh­lu­mu­my bäh­bit­le­ri go­ra­ýan ne­ti­je­li öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ýar. Ýur­du­myz ös­ýär, öz­ger­ýär, aý­dyň maksat­lar­ bi­len ­öňe ­bar­ýar. Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­my­zyň,­  Ar­ka­dag­ly  Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň tagal­la­la­ry bi­len hal­ky­myz eş­ret­li dur­muş­da aba­dan­çy­ly­gyň hö­zi­rini görüp ýa­şa­ýar. Ýur­du­my­zy ösüş­ler­den-ösüş­le­re alyp­ bar­ýan­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, ­Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň­ jan­la­ry­ sag ­bolsun, ­be­ýik iş­le­ri ­üs­tün­lik­le­re ­bes­len­sin!­ 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.

25.03.2024 Details

ABADAN DURMUŞYŇ GÜWÄSI

Eziz Diýarymyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty sagdyn jemgyýeti kemala getirmek ugrundaky tagallalar bilen utgaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda amala aşyrýan işleri ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna eýe bolýar. Ekologiýa abadançylygy durnukly ösüşiň we abadan ýaşaýşyň üpjün edilmeginiň esasy şertleriniň biridir. Diýmek, sport hem-de ekologiýa bir-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň saglygyny, ýaşaýan dünýämiziň abadançylygyny, geljekki nesilleriň mynasyp ýaşaýşyny nazarlaýan tagallalar ýurdumyzda giň gerimli we köpugurly häsiýete eýedir. Bu babatda amala aşyrylýan işler dowamlylygy bilen tapawutlanýar. Sport bilen ekologiýanyň arabaglanyşygy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, bu iki düşünjäniň hem adamlaryň saglygy bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek. Daşky gurşawyň abadançylygyna uly ähmiýet berilýän ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek çäreleri we welosipedli ýörişler sagdyn durmuş ýörelgesi bilen ekologiýanyň sazlaşygynyň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda şu ýylyň ýazky bag ekmek möwsümine badalga berilmegi hem gözel tebigatymyzy goramak ugrundaky aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Şol çärelere ildeşlerimiziň müňlerçesiniň işjeň gatnaşmagy bolsa bu asylly başlangyjyň halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýandygyny tassyklaýar. 

Ekologiýa abadançylygy ýurdumyzda yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýän medeni we durmuş maksatly desgalara, şol sanda işewürlik düzümlere bildirilýän möhüm talap bolup durýar. Häzirki döwürde türkmen telekeçileriniň önümçilik toplumlarynyň we söwda maksatly binalarynyň daş-töwereginde ýaşyl zolaklar üpjün edilýär. Ýazyň ajaýyp günlerinde paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda açylyp, ulanylmaga berlen desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyp, agaçlaryň ekilmegi hem aýdylanlary doly tassyklaýar. 

Ýurdumyzda ynsan saglygynyň esasy şertleriniň biri bolan ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşky gurşawyň abadançylygy bilen baglanyşykly wezipeler Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, Sanitariýa kodeksi, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi, «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy» we beýleki hukuk namalary arkaly düzgünleşdirilýär. 

Watanymyzda daşky gurşawa aýawly çemeleşmek, adamlaryň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek üçin ähli şertleri döretmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dünýä nusgalykdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ekologiýa syýasaty şu günki we geljekki nesilleriň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşynyň güwäsidir.

 

Be­genç­gel­di BAÝ­RAM­MY­RA­DOW,

TSTP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

23.03.2024 Details

NOWRUZ GELDI ILIME

Now­ruz baýramyny bel­le­mek­ öz­ göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­la­ryň jümmü­şin­den­ alyp ­gaý­dyp,­ in­di en­çe­me­ asyr­lar­dan bä­ri­ ulu­dan ­belle­ni­lip ge­lin­ýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň: «Gel­se Now­ruz äle­me, reň ky­lar jahan peý­da» di­ýip bel­leý­şi ýa­ly, Now­ruz­da te­bi­gat­da ha­ky­ky jan­la­nyş baş­lan­ýar.­ Tä­ze­çil­li­gi­ buş­la­ýan ­bu ­baý­ram­ yn­san ­kal­by­ny jan­lan­dyr­ýar, ru­hu­ny ­gö­ter­ýär. 

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Kararnama­sy esa­syn­da her ýy­lyň 21-­nji mar­ty «Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni» diý­lip yg­lan edil­di. Now­ruz baý­ra­my­nyň däp-­des­sur­la­ry ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wyna gi­ri­zil­di. Taryhyň äh­li dö­wür­le­rin­de-­de bu baý­ra­myň däp­le­ri alysda­ky we golaýda­ky halk­lar bi­len me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ber­ke­me­gi­ne hyz­mat edip­dir. Now­ruz­da se­me­ni bi­şi­ril­ýän­di­gi­ni, baş­ga­-da bir­nä­çe ta­gam­la­ryň dost-­ýar­la­ra, goň­şu­la­ra paý­lan­ýan­dy­gy­ny bel­läp ge­çe­liň. Ulu­dan ­sa­çak ýaz­mak ­hal­ky­myz­da­ iň­ so­gap­ iş­le­riň ­bi­ri­ ha­sap­la­nyp,­ ol­ ede­bi­ýat­da ­we halk­ dö­re­di­ji­li­gin­de ­giň­den ­wa­gyz­ edi­lip­dir.

Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni­—­Mil­li ba­har baý­ra­my Ber­ka­rar döwle­tiň täze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de «Pä­him-­paýhas um­ma­ny Magtym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da ke­rem­li top­ra­gy­my­za rys­gal ­be­re­ke­di bilen gel­di. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň boz meý­dan­la­ry, dag-­düz­le­ri, owa­dan ýaý­la­la­ry, sa­ha­wat­ly Ga­ra­gum säh­ra­sy ýaz pas­ly­nyň tä­sin gö­zel­lik­le­ri­ne bes­len­di. Yn­san kalby­ny ýag­şy ni­ýet­ler­den dol­dur­ýan ba­har pas­ly­nyň hoş­tap ho­wa­ly gün­le­rin­de bel­le­nil­ýän Now­ruz baý­ramy­nyň şat­ly­gy agzy­bir hal­ky­my­zyň göwnü­ni gö­te­rip, has-­da joş­dur­ýar. Mil­li ba­har baýra­my my­na­sy­bet­li Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry ag­zy­bir hal­ky­my­zyň aba­dan we pa­ra­hat durmuşy­nyň, ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň ro­waç­ly­gy­nyň, öz­ge­riş­le­ri­niň ajaýyp owa­zy bo­lup dün­ýä dol­ýar. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Preziden­ti­mi­ziň­ jan­la­ry­ sag,­baş­la­ry ­dik­ bo­lup,­il­-ýurt­ bäh­bit­li­ iş­le­ri rowaç­lyk­la­ra ­bes­len­sin! 

 

Merdan DOSMEDOW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

19.03.2024 Details

BAG — BARLYGA DAHYLLYLYK Şu gün ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilýär.

 

Ýurdumyzdageçirilýän nahallary köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralaraagzybir halkymyz ýokary ruhubelentlik bilen goşulyşýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: 

Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, 

Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň — 

diýip wasp edişi ýaly, ata Watanymyz gül-gülüstanlyga, bagy-bossanlyga öwrülýär.

Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde gysga wagtyň içinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müň­lerçe gektary tutýan tokaý zolaklary döredilip, amatly howa gurşawy emele getirildi. Bu işler yzygiderli dowam etdirilýär. 

Gurulýan we durky täzelenýän demir hem-de awtoulag ýollaryny, beýleki durmuş ähmiýetli desgalary çäge syramagyndan goramak boýunça süýşýän çägeleri berkitmek, ol ýerleri tokaýlaşdyrmak işleri-de utgaşykly alnyp barylýar. Döredilýän ýaş tokaýlyklar di­ňe bir gözlere röwşenlik, jany­ňa rahatlyk bermek bilen çäklenmän, bu ýerlerde biodürlüligiň baýlaşmagyna, ýabany ösümlikleriň, haýwanlaryň we guşlaryň sanynyň artmagyna, ýaşaýyş gurşawynyň gowulanmagyna-da ýardam edýär. El bilen döredilen tokaýlar topragyň sil suwlary bilen ýuwulmagynyň öňüni alyp, toprakdaky suwy, yzgary gowy saklaýar we onda peýdaly mikroorganizmleriň köpelmegine şert döreýär. 

Tokaý zolaklarynyň meýdanyny gi­ňeltmek, tokaýlary dikeltmek, olary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak, biologik dürlüligi gorap saklamak, ekologik taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek, bu ugurda ylmy-barlag işlerini alyp barmak, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ekologiýa syýasatynyň wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Ekilýän miweli baglar, ir-iýmişler we üzüm agaçlary howany arassalamak bilen bir hatarda, bazarlary ilatyň isleg bildirýän dürli ir-iýmişlerinden doldurmaga, daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk önümleriniň ýerini ekologik taýdan arassa, özümizde öndürilýän önümler bilen çalyşmaga we eksport mümkinçiligimizi ýokarlandyrmaga ýardam berýär. 

Tebigatda tokaý agaçlarynyň we beýleki ösümlikleriň ähmiýeti örän uludyr. Ösümlik dünýäsi tebigatyň de­ňagramlylygyny saklaýar. Ýaşaýşyň gözbaşy bolup çykyş edýär. Sebäbi ösümlik dünýäsinde fotosintez hadysasy bolup geçýär, ýagny ýagtylygyň täsiri netijesinde, howadan kömürturşy gazy sorulyp, kislorod bölünip çykýar. Şol sebäpli hem tokaýlara Ýer togalagynyň «ýaşyl öýkeni» hem diýilýär. Alymlaryň bellemegine görä, ortaça bir agaç günüň dowamynda 2 kilogram kislorody bölüp çykarýar. Bu bir adamyň üç günki dem alýan kislorodynyň mukdaryna barabardyr ýa-da günüň dowamynda bir gektar tokaý agaçlary 220 — 280 kilograma golaý kömürturşy gazyny sorup, 180 — 200 kilogram aralykda kislorod bölüp çykarýar diýmekdir. 1 gektar tokaý agaçlary 100 tonna çenli tozany özüne siň­dirýär. Awtomobil ýollarynyň ugrunda ekilen baglar 11 desibele çenli awtoulaglaryň sesini peseltmäge mümkinçilik döredýär. 

«Türkmenistanyň 2013 — 2020-nji ýyllary üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, oturdylan ýaş baglar bu gün uly tokaý agaçlaryna öwrülip, tebigata gözellik çaýýar. «Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynyň» kabul edilmegi bu asylly işiň mynasyp dowamyna öwrüldi. 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäheriniň golaýynda guralan «Organiki bakjalyk we onuň ekologiýa goşýan goşandy» atly okuw sapagy açyk asmanyň astyndaky uly möçberli ekologik çäre hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 500-den gowrak hünärmeni bir ýere jemlän dabaranyň barşynda oňa gatnaşyjylaryň üzümiň, hususan-da, onuň «gara kişmiş» görnüşiniň 500-den gowrak düýbüni oturtmagy bu ugurda döwlet derejesindäki aladanyň ähmiýetiniň juda uludygynyň güwäsidir. 

Tokaýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işler Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlarynyň, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan, Çölleşmä garşy göreşmek, Biologik dürlülik bilen bagly halkara hukuk resminamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryň berjaý edilmegine we Howanyň üýtgemegi barada ýurdumyzyň Milli strategiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly itergi berýär. 

Türkmenistanyň daşary syýasy başlangyçlarynyň esasy ugurlarynyň biri hem dünýä ýüzüniň, şol sanda sebitiň ekoulgamyny durnukly ýagdaýda saklamak hem-de daşky gurşawa antropagen täsirleri aradan aýyrmakdyr. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň 17 görkezijisiniň 15-nji maksadynda: «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem-de biologik köpdürlüliginiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenen. Şu maksadyň 2-nji böleginde bütin dünýäde tokaýlaryň ähli görnüşiniň rejeli peýdalanmagynyň usullarynyň girizilmegine ýardam bermek, tokaýlaryň selçeň­leşmegini togtatmak we dikeltmek, bag ekilen meýdanlaryň çäklerini ep-esli gi­ňeltmek babatda anyk wezipeler göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ählihalk derejesinde, ýurdumyzyň çar künjeginde bag ekmek dabaralarynyň köpçülikleýin geçirilmegi Durnukly ösüşiň maksatlarynyň üstünlikli amal edilmegine hem mynasyp goşantdyr. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda: «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip anyk kesgitlenýär. Şu düzgünlere laýyklykda, ekologiýa babatda milli hukuk binýady kämilleşdirilýär. Kabul edilen täze kanunçylyk namalaryna daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri hökman ýerine ýetirmek baradaky maddalar goşuldy. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm ädim boldy. 

Ynha, ýaz paslynyň arzyly möwsümi gelip ýetdi. Ählihalk bag ekmek dabarasy ata-babalarymyzdan galan asylly däbimize uýmak, ony netijeli dowam etdirmek hem ynsanda tebigata çäksiz söýgini döretmek ýaly häsiýetleri özünde jemleýär. 

Azat SEÝDIBAÝEW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.

16.03.2024 Details

NURANA BAÝRAM

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­rasat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de toý­la­ry toýla­ra, baý­ram­la­ry baý­ram­la­ra ulaş­ýan Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkmenistan Wa­ta­ny­myzda eş­ret­li dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gör­ýän bag­ty­ýar hal­ky­myz ýe­ne­-de bir baý­ra­my­–­Mil­li ba­har baý­ra­my­ny­–­Hal­ka­ra Nowruz gü­nü­ni giň gerim­li, aý­dym-­saz­ly, da­ba­ra­ly çä­re­le­re bes­le­ýär. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Mil­li ba­har baý­ra­my­–­Hal­ka­ra Nowruz gü­ni be­dew ba­dy bi­len ynam­ly öňe bar­ýan mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­ni, tu­tum­ly mak­sat­la­ry­ny bar­ha ro­waç­lan­dyr­ýar, bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­ny, ýurdu­my­zyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny tä­ze be­lentlik­le­re gö­ter­ýär» di­ýip, hor­mat­ly Prezi­den­ti­miz nyg­ta­ýar. Bu dür­dä­ne söz­le­riň ösüş­le­re bes­lenýän zamana­myz­da aja­ýyp ha­ky­kat bo­lup daba­ra­lan­ýan­dy­gy­na her bi­ri­miz şaýat bol­ýa­rys. «Pä­him­-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýylynda-da Mil­li ba­har baý­ra­my­nyň da­ba­ra­ly çä­re­le­ri bir-­bi­ri­ne ula­şyp, olar abadan, bag­ty­ýar dur­mu­şy­my­zyň gü­wä­si­ne öw­rül­ýär. 

Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýa­sy esa­syn­da her ýy­lyň 21-­nji mar­ty­nyň «Hal­ka­ra Now­ruz gü­ni» diý­lip yg­lan edil­me­gi, Now­ruz baý­ra­my­nyň däp-­des­sur­la­ry­nyň ÝU­NES­KO-­nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­rizil­me­gi bu nu­ra­na baý­ra­myň dün­ýä halk­la­ry­ny bi­rek­-bi­re­ge ýakynlaş­dyr­mak­da, me­de­ni-­ynsan­per­wer gat­na­şyk­la­ry kä­mil­leş­dir­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­niň su­but­na­ma­sy­dyr. Halk baý­ram­çy­ly­gy hökmünde öz kö­kü­ni ga­dy­myýet­den alyp gaýd­ýan Now­ru­zyň baý­ram edil­ýän gün­le­ri gi­je bi­len gün­diz deň­le­şip, ol eke­rançy­lyk baý­ram­çy­ly­gy hem ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi asyr­lar­ bo­ýy bu baý­ram­çy­lyk ge­çi­ri­len­den soňra ýaz eki­şi­ne baş­la­mak däp bo­lup ga­lyp­dyr. 

«Gel­se Now­ruz äle­me, reň ky­lar ja­han peý­da» di­ýip, Mag­tym­gu­ly ata­myz ta­raş­lapdyr. Şu ýyl dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si dünýä de­re­je­sin­dä­ki da­ba­ra­ly çä­re­ler bi­len bel­le­nil­jek Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­rynyň we şa­hy­ry­nyň şu se­tir­le­rin­den gör­nü­şi ýa­ly, Now­ruz­da tebiga­ta jan gir­ýär, adam­la­ryň kalp­la­ryn­da­-da ru­hu­be­lent­lik, şat­lyk duýgu­la­ry art­ýar. Mil­li däp­-des­sur­la­ry­my­zyň do­wa­mat-do­wam bol­ma­gy üçin taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Mil­li Li­de­ri­mi­ze we hor­mat­ly Prezidentimi­ze ho­şal­lyk söz­le­ri­niň şeý­le baý­ram­lar­da dil­le­riň se­na­sy­na öw­rül­ýän­di­gi­ni aýt­mak bol­sa aý­ra­tyn ýa­kym­ly­dyr.

 

Per­man­ SA­PA­ROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň­ dur­muş 

sy­ýa­sa­ty ­ba­ra­da­ky ­ko­mi­te­ti­niň baş­ hü­när­me­ni

16.03.2024 Details

PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIKLI SYÝASAT WE DÖWRÜŇ AŇYÝETI

 

Türkmenistan Garaşsyzlyk ýolunda döwletliligiň esaslaryny pugta kemala getiren ýurt hökmünde tanalýar. Şol esaslary hukuk we syýasy-jemgyýetçilik taýdan yzygiderli kämilleşdirmek bütin dünýäde dowam edýän özgerişler bilen hem baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet syýasatyny we dünýäniň häzirki ösüşini milli jemgyýetiň bähbitleri esasynda utgaşdyrmak babatda örän oýlanyşykly halkara syýasaty alyp barýarlar. Ýurdumyzda parahatçylykly ýol bilen ösüşi üpjün etmekde gazanylýan netijeler hemmeleriň ünsüni çekýär. Bu babatda aýdylanda, döwletara, goňşuçylyk gatnaşyklarynda has ilerleýän işjeň syýasat barada aýratyn durup geçmek zerurdyr. Şunda 11-12-nji martda Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde paýtagtymyzda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi örän ähmiýetliligi bilen tapawutlanyp, onuň çäklerinde guralan duşuşyklar, öňe sürlen döwletli başlangyçlar bu geňeşiň we guramanyň geljekki ösüşini kesgitlemäge ýardam berdi.

Türk­men halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-2-nji martynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde iş saparynda bolup, ol ýerde geçirilen diplomatiýa forumyna gatnaşmagynyň, goňşy Owganystanyň işewürleriniň öndürýän harytlarynyň Aşgabatda guralan sergisiniň, onuň çäklerinde owgan wekiliýeti bilen geçirilen duşuşyklaryň ähmiýetini belläp geçmek gerek. 

Antalýa diplomatik forumynda çykyş eden Gahryman Arkadagymyz: «Halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy biziň öňümizde birnäçe düýpli soraglary, özi-de diňe bir syýasy, ykdysady, hukuk babatda däl-de, eýsem, ahlak, adalatlylyk we abraý-mertebe gatnaşyklaryna degişli soraglary hem goýýar. Häzirki döwürde bu düşünjeler bitewüdir diýip hasap edýärin. Şoňa görä-de, syýasy howpsuzlygy, durnuklylygy, ykdysady ösüşi goldamak üçin taryhy ornuna, ilatynyň sanyna, jemi içerki önüminiň möçberine, harby mümkinçiligine ýa-da tehnologik derejesine garamazdan, ähli halklary hemde döwletleri bu işe doly çekmek zerur» diýip bellemek bilen, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasat ugrunyň umumadamzat ähmiýetli çuň mazmunyny ýene bir gezek açyp görkezdi. Hut şeýle ynsanperwer syýasatyň durmuşdaky anyk ýüze çykmasy hökmünde owgan harytlarynyň paýtagtymyzda geçirilen sergisini görkezmek bolar. Ol diňe ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm wakasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, goňşy ýurduň halky üçin parahatçylykly ösüşiň ähmiýetine we ýol-ýörelgelerine giňden düşünmäge-de ýardam beren waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ol sergä baryp görmegi, owgan işewürleri bilen gürrüňdeş bolmagy deňhukukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli guramak üçin zerur bolan güýçli syýasy erkiň, paýhaslylygyň, ynsanperwerligiň ilkinji şert bolup durýandygyny, döwletimiziň hut şeýle gatnaşyklara ygrarlydygyny äşgär etdi. 

Dünýäde bolup geçýän häzirki çylşyrymly ýagdaýlaryň çäginde Türkmenistanyň tutýan ýoly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly syýasaty giňden we üns bilen öwrenilmäge degişlidir. 

* * *

Adamzat ýaşaýşynyň häzirki döwrüniň jemgyýetçilik aňy, ruhy durmuşy hakda aýdylanda, käbir meýilleri anyk saýgarmak, seljermek mümkindir. Ýaşaýşyň akymyny has çaltlaşdyrýan ylmy-tehnologik ösüşleriň güýçlenmegi, täze üýtgeşik şertleriň ýüze çykmagy bilen, adamzadyň pikir-garaýyşlarynda-da özgerişler bolup geçýär. Ýöne bu döwrüň aňyýet ösüşiniň täsin taraplarynyň biri bolan tehnika, tehnologiýa durmuşymyza hernäçe düýpli özgerişleri getirse-de, halklaryň geçmişden daşlaşman, gaýtam, milli garaýyşlaryň gitdigiçe güýçlenýändigidir. Bu ýagdaý diňe bir milli jemgyýetleriň aňyýetinde däl-de, eýsem, döwlet syýasaty derejesinde-de äşgär duýulýar. 

Ýene bir bellemeli ýagdaý, ählumumy ýakynlaşmak ýagdaýynyň adamzat ýaşaýşynyň daşky taraplarynda ýüze çyksa-da, onuň içki mazmunyna onçakly täsir edip bilmeýändigi bilen baglydyr. Munuň özi ýurtlaryň geografik ýerleşişi, tebigatlaryň dürlüligi netijesinde, müňýyllyklaryň dowamynda dörän, kämilleşen milli aýratynlyklaryň mizemezliginiň netijesidir diýmäge esas bar. 

Jemgyýetçilik durmuşynda döwürlere görä özgerişleri kesgitlemek üçin syýasy-jemgyýetçilik garaýyşlarda köp düşünjeler ýüze çykypdyr. Köpgyraňly dünýä, medeniýetleriň ylalaşygy ýaly düşünjeler arkaly, häzirki döwrüň jemgyýetçilik durmuşynyň aýratyn ýagdaýlaryny aňlatmaga bolan çemeleşmeleriň, bular käbir ýagdaýlarda jemgyýeti öwreniş ylmynyň we syýasatşynaslygyň nazaryýeti bolsa-da, durmuşda öz beýanyny tapmagynyň kyndygyny döwür görkezýär. 

Ählumumylaşmagyň daşky taraplary bilen milli garaýyşlaryň mazmunynda dowam edýän, ylalaşyga gelmesi örän kyn bolan gapma-garşylyklaryň sazlaşygyny tapmak meselesiniň dünýä syýasatynyň gün tertibinde durýandygy hem äşgärdir. Bu bolsa kähalatda diňe durmuş, ruhy, medeni, aňyýet taýdan garşy durmalar derejesinden has ýokarylara ýetip, döwletleriň, sebitleýin toparlaryň arasyndaky düşünişmezlige getirýär. Şoňa görä, halkara gatnaşyklarda täzeçe çemeleşmeleriň we garaýyşlaryň zerurlygy baradaky pikirler Milletler Bileleşiginde häli-şindi öňe sürülýär. 

Halkara syýasaty ynsanperwerleşdirmegiň zerurlygy baradaky pikir Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýada öňe sürýän ýörelgeleriniň we başlangyçlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Munuň özi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň düýp mazmunyny düzýär. Berkarar döwletimiziň täze taryhynyň ähli ösüş tapgyrlarynda amala aşyrylan özgertmeleriň, kemala getirilen milli durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik ýörelgeleriniň parahatçylyga, ynsanperwerlige esaslanýan mazmunynyň ýörite maksat bilen, döwrüň çylşyrymly ýagdaýlaryna çuňňur düşünmek bilen kemala getirilendigi barha äşgär bolýar. Parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ylalaşyk, düşünişmek, sabyrlylyk, geçirimlilik ýaly häsiýetler türkmen halkynyň durmuş ýörelgeleriniň iň esasy aýratynlygy bolup, köp ýagdaýlarda biziň milletimiz şeýle tebigy häsiýetleri bilen özboluşly ýaşaýyş ýollaryny asyl durkunda gorap saklamagy başarypdyr. Kynçylyklary, garşylygy diňe ýarag bilen däl-de, islendik ýaragdan güýçli bolan paýhas-parasat, aň-düşünje, mizemez milli ruh bilen ýeňmegiň zerurdygyna berk ynanypdyr. Milletimiziň häsiýetleriniň aýratynlyklary hakynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda düýpli pikir-garaýyşlary öňe sürýär. Milli Liderimiz belli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestindäki doganyny saz bilen ýesirlikden boşadan Şükür bagşynyň häsiýetini tutuş türkmen halkynyň durmuş ýörelgeleri bilen baglanyşdyryp, häzirki çylşyrymly döwür üçin iňňän zerur bolan «parahatçylygy döretmek sungaty» diýen düşünjäni öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyz kitapda: «Ruhy-medeni gymmatlyklar, ýagny döredijilik we abadanlyk bilen bagly garaýyşlar biziň halkymyzyň durmuş filosofiýasynyň esasy bolup durýar» diýip belleýär. 

Häzirki döwürde halkymyzyň durmuş filosofiýasynyň mazmunynda parahatçylygy döretmek sungaty barada Gahryman Arkadagymyzyň garaýşy iň güýçli ideýadyr. Örän gymmatly, ähmiýetli we diýseň täsirli ýörelgedir. Munuň özi adamzadyň şu gününe, geljegine jogapkärçilik baradaky talapdan gelip çykýar. Parahatçylykly ösüş baradaky maksadyň Milli Liderimiziň döreden binýatlaýyn döwlet syýasatynyň, bu syýasaty döwrüň talaplaryna görä ösdürýän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň esasy mazmuny bolup durýandygyny aýratyn bellemek zerurdyr. 

* * *

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda intellektual ösüşi has işjeňleşdirmek, ýaş nesilleriň eziz Watanymyzyň geljegi babatdaky jogapkärçiligi ýürekden duýup, dünýäniň häzirki zaman ylmy-tehnologik ösüşlerine çuň düşünmekleri, oňa öz zehinleri we başarnyklary bilen has giňden goşulyşmaklary ugrunda oýlanyşykly döwlet syýasatyny alyp barýar. Intellektual ösüşiň işjeňleşmeginiň ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi bilen berk utgaşdyrylmagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň sazlaşygyny, sagdynlygyny, durnuklylygyny gazanmakda häzirki döwürde esasy ýörelgedir. Şeýle paýhasly syýasaty alyp barmak jemgyýetçilik aňyny ösdürmekde, Watanyň geljeginiň ygtybarly daýanjy bolan nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde esasy çözgütdir. 

Ýurdumyzda «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen maksatnamalaýyn şygar bilen amala aşyrylýan bilim syýasaty netijeli ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi milli hünärmenleriň ukyplaryny ýokarlandyrmak arkaly, ýurtda giň gerimde dowam edýän durmuş-ykdysady ösüşleri ilerletmek bilen birlikde, berkarar döwletimiziň halkara giňişlikdäki ornuny has pugtalandyrmak, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny abraý bilen dowam etdirmek maksadyndan gelip çykýan möhüm wezipeleriň biridir. Döwletiň ygtybarly binýatlaryny has-da pugtalandyrmagyň netijeli ýoludyr. 

Ylymly-bilimli häzirki nesliň aň-düşünjesinde parahatçylykly ösüş syýasatynyň çuň ornaşýandygy, parahatçylygy döretmegiň ugur-ýollary baradaky garaýyşlary öwrenmekde, özleşdirmekde olaryň nusgalyk tejribeleri ynamly ele alýandyklary hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ygtybarly geljeginiň kepilidir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kemala getiren ösüş ýoly, öňdengörüjilikli döwlet syýasaty uly durmuş mekdebidir.

* * *

Häzirki döwrüň maglumat tehnologiýalary dünýä syýasatynyň, halkara gatnaşyklaryň ähli ugur-ýollaryny, özgerişli ýagdaýlaryny eliň aýasyndaky ýaly açyp görkezýär. Munuň özi, bir tarapdan, aň-düşünje ösüşiniň çeşmeleriniň biri bolsa, beýleki tarapdan, umumadamzat ýaşaýşynyň ruhy ýagdaýlaryna oňaýsyz täsirini ýetirmän durmaýar. Ynsan ýaşaýşynyň ähli ugurlarynda belli bir gorag çäkleriniň bolmalydygyna müňýyllyklaryň dowamynda oňat düşünen adamzat dünýä taryhynyň barşynda şol çägi saklamagyň alajyny gözläpdir. Ylym, bilim, milli däp-dessurlar, döredijilik, medeniýet, sungat arkaly ahlak, ruhy, beden, aň goraglylygyny, durmuş sazlaşygyny üpjün etmegiň umumadamzat hazynasyny döredipdir. Bular barada çuň düşünjeleri, duýgy ölçeglerini kemala getiripdir. Biziň döwletimiziň alyp barýan ruhy-intellektual syýasaty şol goraglylygyň gowşamagynyň öňüni almaga gönükdirilendir. Bu maksady amal etmegiň ýoly bolsa döwlet bilen halkyň arasyndaky ynanyşmagy, arkalaşygy, jebisligi gazanmak bilen şertlendirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda alyp barýan syýasaty özboluşly tejribe hökmünde dünýä syýasatynyň belli bir ugry derejesine eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň täsiri diňe bir biziň jemgyýetimizde däl-de, döwletara, sebitleýin, halkara derejedäki syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde öz ornuny pugtalandyrýar. 

Dünýäde dowam edýän çylşyrymly we pajygaly syýasy, harby gapma-garşylyklaryň oňyn çözgüdini tapmak meselesi adamzadyň ruhy-aňyýet ýagdaýlaryna aýratyn üns bermegiň zerurlygyny äşgär edýär. Bütin dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy üpjün etmek ugrunda halkara çäklerde alnyp barylýan umumadamzat ähmiýetli işlerde oňyn netije gazanmagyň aňsat däldigi öz-özünden düşnüklidir. Şunda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň tutýan ýoly maksada ýetmegiň anyk şertlerini indi 32 ýyl bäri dünýä äşgär edip gelýär. Biziň ýurdumyz sebitde we ählumumy giňişlikde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barmakda uly mümkinçiliklere eýedir. Bu mümkinçilikleriň diňe parahatçylykly ösüşlere hyzmat etmegini gazanmakda Türkmenistanyň ýeten derejesi, gazanan abraýy Ýer ýüzünde asuda geljegi üpjün etmek maksadynyň umyt yşygydyr diýmäge esas bar. Çünki türkmen halkynyň milli ruhy şamçyraga öwren ösüş ýoly, berkarar türkmen döwletiniň ynsanperwerlige ýugrulan syýasy-jemgyýetçilik ýörelgeleri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwrüň öňdebaryjy gazananlarynyň halkyň taryhy ösüş ýoly bilen utgaşdyrylmagyna esaslanýan içeri we daşary syýasaty umumadamzat bähbitleri üçin köp zatlary edip boljakdygyna güwä geçýär. 

Hormatly Prezidentimiz ählumumy howpsuzlyk meseleleri baradaky açyk hemde kesgitli garaýyşlaryny halkara derejede, dürli forumlarda, sammitlerde yzygiderli beýan edip gelýär. Parahatçylykly gatnaşyklary, ynanyşmagy gazanmagyň anyk ýollary baradaky möhüm teklipleri we başlangyçlary öňe sürýär. Şonuň netijesinde ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmekde köp oňyn netijeleriň gazanylandygyny, dürli ugurlarda gatnaşyklaryň has ýygjamlaşandygyny bellemek gerek. 

Geçen ýylyň 19-njy sentýabrynda NýuÝork şäherinde bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda çykyş eden hormatly Prezidentimiz: «Köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsi örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýüze çykmagynyň aýratynlyklary esasynda olaryň ählisi döwletara gatnaşyklaryň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz» diýip, bütin adamzadyň öňünde durýan howpsuzlyk meselelerini çözmek baradaky möhüm işleri utgaşdyrmakda BMG-niň aýratyn ornuny nygtady. Döwlet Baştutanymyz syýasy we harby howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygy, howpsuzlygyň bölünmezligi, bitewüligi baradaky pikir-garaýyşlaryny hem beýan etdi. Ine, bu meseleler Ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlara degişlidir we «Gämiçiniň jany bir» diýlişi ýaly, gözel dünýämiziň abatlygyny gorap saklamak her bir adamyň aň-paýhasyna, geljek baradaky aladasyna baglydyr. 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.

 

15.03.2024 Details

DIÝARYMYZYŇ TEBIGY GÖZELLIGI

 

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologik serişdelerini gaýtadan dikeltmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, çölleşmä garşy göreş alyp barmak, tokaý zolaklaryny giňeltmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Döwletimizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar ornaşdyrylyp, howanyň arassalygyna hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak, gurulýan edara-kärhanalaryň, beýleki durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna bildirilýän talaplary kämilleşdirmek boýunça degişli çäreler görülýär. 

Ýurdumyzda her ýyl ýazda we güýzde obalardyr şäherlerde pürli, saýaly, miweli baglaryň we üzüm nahallarynyň millionlarça düýbüniň oturdylmagy ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti we beýleki iri halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýar. Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin ägirt uly ähmiýetli daşky gurşawy goramak ýaly wajyp meseleleriň çözgüdine goşýan önjeýli goşandyny bu gün dünýä bileleşigi ykrar edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji martynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumynda eden taryhy çykyşynda: «Türkmenistan howpsuzlygy üpjün etmäge düýpli çemeleşmegiň düzüm bölegi hökmünde howa meselesine ulgamlaýyn gözegçilik etmegiň, köptaraplaýyn gözegçilik usulyny döretmegiň hem-de howa, ekologik we tehnogen weýrançylyklaryň täsirini azaltmagyň tarapdary bolup çykyş edýär» diýip belledi. Bu syýasat diňe bir ata Watanymyzda däl-de, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde we bütin dünýäde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly adamzadyň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan yglan edilen «Şäherlerdäki baglar» atly halkara maksatnamasyna hem-de Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň ýene-de bir oňyn netijesidir. 

Uzak möhletleýin ekologiýa syýasatynda daşky gurşawy arassa saklamak, biologik köpdürlüligi goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýörelgelerine uly orun berilýär. Bu ugurda milli kanunçylyk binýadynyň hem halkara kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmeginiň esasynda «Tebigaty goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Galyndylar hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň hem-de Türkmenistanyň Tokaý kodeksiniň, Suw kodeksiniň, «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Bu hukuk resminamalar daşky gurşawyň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamaga, atmosfera howasynyň bellenilen kadalardan artyk hapalanmagynyň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almaga, ozon gatlagyny, Hazaryň deňiz gurşawyny, serhetüsti akýan suwlary we halkara kölleri goramaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge amatly şertleri döredýär. 

Ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn hem-de uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmaga, geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmäge gönükdirilendir. Tebigaty goramak we ekologiýa diplomatiýasyny ösdürmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Jennet ÖWEKOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy

15.03.2024 Details

ПРЕДПРИНИМАТЕЛЬСТВО – ОПОРА ГОСУДАРСТВА

 

Эра Возрождения новой эпохи могущественного государства – это время ускоренной социально-экономической модернизации и диверсификации, перехода страны на инновационный путь развития и к цифровой экономике. Это также время новых достижений, когда стабильный социально-экономический рост позволяет ставить принципиально новые задачи по развитию всех сфер жизни общества и государства. Значимую роль в реализации стратегии развития страны Президента Сердара Бердымухамедова призваны сыграть предприниматели. В условиях рыночной экономики они являются опорой государства. 

Прорывным для развития предпринимательства в Туркменистане стал 2008 год, когда страна вступила на путь масштабных реформ. И связано это с именем Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова. Создание в 2008 году Союза промышленников и предпринимателей позволило сплотить ряды инициативных, энергичных и целеустремлённых людей, сформировать из них современное поколение туркменских производителей и направить финансовые ресурсы на наиболее важные направления развития экономики и бизнеса. Основав в 2011 году банк «Rysgal», государство сделало крупные финансовые вложения, исчисляемые сотнями миллионов долларов США, на поддержку развития малого бизнеса на безвозмездной или льготной основе. Эти средства позволяют получать предпринимателям кредиты по низким процентным ставкам при закупке основных средств, а также получать льготные кредиты для приобретения оборотных средств. Кроме того, государство установило понятную и не обременяющую бизнес систему налогов. Важным механизмом служат Государственная программа по поддержке малого и среднего предпринимательства в Туркменистане на 20182024 годы и приватизационные госпрограммы. 

Законодательство Туркменистана гарантирует соблюдение прав и законных интересов предпринимателей, в том числе неприкосновенность имущества и защиту права собственности предпринимателя, создаёт им условия для конкуренции, обеспечивает поддержку и равные возможности доступа предпринимателей к материальным, финансовым, трудовым, информационным, природным и иным ресурсам. Предприниматель может осуществлять любые виды деятельности, не запрещённые законодательными актами Туркменистана. Поддержка малого и среднего предпринимательства осуществляется в правовой, организационной, имущественной, финансовой, информационной и иных формах на государственном уровне и уровне велаятов и города Ашхабад. Закон «О государственной молодёжной политике» ввёл понятия молодёжного предприятия и молодёжного предпринимательства. Молодёжным предпринимательством считается ведение малого и среднего бизнеса, в случае если не менее 75 процентов работников предприятия моложе 35 лет, либо если доля вложений от инвесторов в возрасте до 35 лет превышает 75 процентов в уставном капитале предприятия. 

На основе эффективных механизмов господдержки доля предпринимательства в ВВП достигла более 70 процентов. Субъекты частного бизнеса действуют практически во всех отраслях национальной экономики. В период с 2008 по 2023 год предприниматели обеспечили рост производства сельскохозяйственной продукции в 145,6 раза, а промышленной – в 88,4 раза. По заказу Союза промышленников и предпринимателей построено 134 из 336 объектов в городе Аркадаг. Туркменские производители сегодня экспортируют свою продукцию в 50 стран мира. 

О росте авторитета и статуса предпринимателей в обществе говорит тот факт, что ежегодно численность членов Союза промышленников и предпринимателей увеличивается на 22,5 процента. О возрастающей роли предпринимательства не только в экономической, но и социальной жизни страны свидетельствует и то, что на частный сектор приходится большая часть ежегодно создаваемых в стране рабочих мест, в этом секторе занято 5,5 тысяч женщин, а это 19,4 процента от общей численности членов Союза промышленников и предпринимателей. Создавая рабочие места, малый и средний бизнес обеспечивает рост доходов населения. Таким образом, в стране сформировался класс настоящих предпринимателей, занимающих прочное место, имеющих репутацию и свой бренд на внутреннем и внешнем рынках. для обеспечения частного сектора высококвалифицированными кадрами Союз промышленников и предпринимателей обратился к правительству с предложением открыть в стране первый частный университет, который будет готовить специалистов, широко востребованных в бизнесе. Это предложение получило поддержку, и сейчас ведётся строительство нового вуза. 

Внося достойный вклад в укрепление социально-экономической мощи и потенциала страны, обеспечение благополучия народа, предприниматели Туркменистана активно участвуют и в общественно-политической жизни. В 2012 году была создана Партия промышленников и предпринимателей, которая стала второй на тот момент партией в стране. Сегодня ряды партии увеличились более чем в три раза, 35 процентов составляет молодёжь и 31 процент – женщины. Наша партия представлена в Меджлисе, в велаятских, этрапских и городских халк маслахаты и Генгешах. ПППТ имеет свои комитеты во всех велаятах, а также в городах Ашхабад и Аркадаг. Партия мобилизует все свои силы и возможности на реализацию Президентских программ устойчивого экономического, социального, культурного развития, направленных на обеспечение благополучной жизни населения, процветающий завтрашний день страны. 

Чёткое видение перспектив дальнейшего развития предпринимательства дают Программа «Возрождение новой эпохи могущественного государства: Национальная программа социально-экономического развития Туркменистана в 20222052 годах», «Программа Президента Туркменистана социально-экономического развития страны в 20222028 годах», «Национальная программа Президента Туркменистана по преобразованию социально-бытовых условий населения сёл, посёлков, городов этрапов и этрапских центров на период до 2028 года», «Программа социально-экономического развития Туркменистана и инвестиций в 2024 году». 

Краеугольным камнем Программ является повышение экономической мощи государства и уровня благосостояния населения. В числе приоритетных направлений стратегии Президента – развитие отраслей национальной экономики на инновационной основе, повышение объёмов и расширение ассортимента высококачественной, конкурентоспособной продукции, обеспечение продовольственного изобилия и роста экспортного потенциала страны, повышение социально-бытового уровня жизни граждан, а также совершенствование системы занятости населения за счёт создания на местах новых рабочих мест. Среди основных целей обозначено также формирование благоприятной бизнес-среды, ускорение перехода к рыночным отношениям, расширение спектра предпринимательской деятельности в различных секторах. Также будут приняты меры по развитию различных форм государственно-частного партнёрства и приватизации госимущества. 

Совершенствование нормативных актов и государственная поддержка обеспечивают дальнейшее расширение негосударственного сектора экономики в реализации поставленных задач. Предприниматели готовы создавать новые производственные мощности по переработке и выпуску готовой продукции, наращивать потенциал экспортно-ориентированных предприятий и диверсифицировать выпуск импортозамещающих товаров. В ряду перспективных задач – обеспечение продовольственной безопасности за счёт увеличения объёмов и перечня экологически чистой, высококачественной сельскохозяйственной и других видов продовольственной продукции. 

Мощным катализатором прогресса сегодня являются инновации и цифровые технологии. Инновационное предпринимательство связано с созданием новых продуктов (товаров и услуг), технологий. Возводимые в последние годы все промышленные объекты с полным на то основанием можно отнести к числу инновационных предприятий, т.к. они работают на современном оборудовании, по новейшим технологиям и отвечают всем экологическим требованиям. Инновации позволяют отечественным производителям увеличивать ассортимент и повышать качество выпускаемой продукции и оказываемых услуг. Как следствие, это повышает конкурентоспособность туркменских товаров на мировых рынках. Признанием высокого качества продукции наших предпринимателей служат золотые медали и дипломы престижных международных выставок. Динамичное развитие инновационной сферы – одно из главных слагаемых дальнейшего развития предпринимательства в Туркменистане. 

В ряду главных целей уважаемый Президент ставит формирование в регионах современной производственной, транспортной, инженерно-коммуникационной и социальной инфраструктуры. Важная роль в достижении этой цели отведена предпринимателям. Именно они сегодня сдают «под ключ» новые посёлки, в малых городах строят социально-культурные объекты, прокладывают новые дороги и инженерные коммуникации. 

В целом стратегия развития страны Президента Сердара Бердымухамедова обеспечивает создание благоприятного делового климата для государственно-частного партнёрства. Партия промышленников и предпринимателей считает своей главной задачей доводить до предпринимателей цели и задачи Президентских программ, утверждать духовные и культурные ценности туркменского народа, проводить работу по укреплению партийных рядов. 

В условиях рыночной экономики предпринимательство двигает развитие производства, а значит и общества в целом. Вдохновлённые национальными программами предприниматели страны выражают благодарность уважаемому Президенту Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Герою-Аркадагу за поддержку и доверие, оказываемые бизнес-сообществу в реализации различных проектов, и заверяют, что все поставленные перед ними задачи будут выполнены. 

 

Сапармырат Овганов, 

председатель Партии промышленников и предпринимателей Туркменистана, 

депутат Меджлиса Туркменистана.

15.03.2024 Details
1 2 3 4 5 6 7 ... 31