Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministirligi

14 Fewral 2023

248

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi diýip, TDH habar berýär. 

Iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Welaýatlaryň häkimleri alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda we Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow gowaçanyň, ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy, bugdaýa ideg etmegiň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň gözegçilikde saklanylmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi.


Yza