TFÇ ― 2024: «Şagadam» «Energetigi» ýeňip, «Merwi» gynandyrdy | Sport

Soňky habarlar

Arhiw

TFÇ ― 2024: «Şagadam» «Energetigi» ýeňip, «Merwi» gynandyrdy

09:2116.05.2024
0
4487

Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 15-nji tapgyrynyň çäginde myhmançylykda «Energetikden» üstün çykdy. Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçirilen duşuşyk myhman toparyň 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

11-nji minutda «Energetik» Farid Kamaleddinowyň geçiren goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, ýer eýeleri bu üstünligi bary-ýogy 5 minut gorap bildiler. Mekan Aşyrow 16-njy we 71-nji minutlarda tapawutlanyp, myhman topara ýeňşi getirdi. Duşuşykda jemleýji sözi bolsa goşmaça wagtyň 7-nji minudynda myhman toparyň wekili Arslan Ýollyýewiň geçiren goly sözledi.

«Şagadamyň »Mary şäherinde gazanan bu üstünligiň şähere wekilçilik edýän toparlaryň ikisini hem gynandyrdy. «Energetik» möwsümde 11-nji gezek ýeňlendigine gynansa, «Merw» dördünji orundan bäşinjilige düşenine gynanmaly boldy. Häzir «Şagadamyň» hem, «Merwiň» hem 21 utugy bar. Ýöne käbir görkezijiler boýunça «Şagadam» dördünji, «Merw» bolsa bäşinji orny eýeleýär. 2 utukly «Energetik» bolsa dokuzynjy orunda galdy.

«Energetik» indiki tapgyryň çäginde 18-nji maý güni «Arkadag» toparynyň myhmany bolar. Şol gün Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek «Şagadam» ― «Merw» duşuşygy bolsa dördünji orun ugrunda barlyşyksyz göreşe öwrüler.

«Energetik» – «Şagadam» – 1:3

Gollar: 11 Farid Kamaleddinow – 16, 71 (11 m.j.u.) Mekan Aşyrow, 90+7 Arslan Ýollyýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň